Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Sagdyn jemgyýetiň goragynda

     2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde “Sagdyn jemgyýetiň goragynda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

    Geçirilýän wagyz-nesihat çäresinde sagdyn-durmuş ýörelgeleri hakynda giň gürrüň edilýär. Eziz Arkadagymyzyň edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlaryň sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgeleri alyp barmaklaryny. Zähmetsöýer, watansöýüji nesilleri bolup ýetişmek, zyýanly endiklerden gaça durup, boş wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmekleri dogrusynda çykyş etdiler.

    Çykyş edenler “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen ýörelgäni döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP