Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ATÇYLYK PUDAGYNDA TELEKEÇILERIŇ HÄZIRKI ZAMAN ORNY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda akademiýada bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Atçylyk pudagynda telekeçileriň häzirki zaman orny» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda çykyş edenler türkmeniň ýürek buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň taryhy ähmiýeti barada belläp. Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli syýasaty netijesinde häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş dünýä ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir diýip belläp geçdiler. Şeýle hem ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

TSTP