Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ NUSGALYK MERKEZI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – dünýä ýurtlarynyň nusgalyk merkezi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Lebap welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary çykyş edip, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany» ýylyn­da ýurdumyzda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de, ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bilen birlikde  hususy ulgamynyň hem ösýändigini buýsanç bilen bellediler. 

         Çärä gatnaşanlar Garaşsyz, Baky Bitarap diýarymyzda zähmet çekmeklige  şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP