Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

GARAŞSYZLYK ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi. 

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli diplomatiýamyzyň dünýä ýüzünde Garaşsyzlygy, Bitaraplygy, parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ündemek bilen halkara derejesinde asudalygy üpjün etmeklikde möhüm oruna mynasypdygyny şeýle hem uly abraýa eýedigini belläp, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan - bedew Batly at-myradyň mekany» ýylynda hem Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläkde uly ösüşlere, özgerişlere eýe boljakdygyny agzybir halkymyzyň Watanymyzy gülledip ösdürmeklikde halal zähmet çekip mundan beýläkde özleriniň mynasyp goşandyny goşup Ata Watanymyzyň halkara derejesinde at abraýynyň ýokarlanýandygyny aýratyn belläp geçdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda ähli türkmen halkyny dünýä tanadan we asuda abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP