Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

SPORT DIPLOMATIÝASY DABARALANÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Hormatly Prezidentimiziň  tagallasy bilen halkara sport hyzmatdaşlygy hem-de sport diplomatiýasy dabaralanýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň  işjeň gatnaşyjysyna öwrüldi. Sport ulgamy diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň däl, eýsem döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde ösdürilýär. Ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, çempionatlaryň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi sport diplomatiýasynyň  üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler halklaryň arasynda özara düşünişmegi, ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen sport diplomatiýasy parahatçylygy, jebisligi we hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat edýär. Türkmenistan dünýä giňişliginde sport arkaly dostluk köprülerini gurup, halkara abraýyny barha ýokarlandyrýar. Şeýle beýik tagallalar ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge uly goşant goşýar.

Maslahatyň ahyrynda  türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP