Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji gününden bäri parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dabaralanýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji gününden bäri parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alnyp barylýar. 1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolandygyny görkezýär. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýurdumyzyň ykdysady ösüşine hem oňyn täsir edýär. Dostlukly we ynanyşykly halkara gatnaşyklar daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, iri taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge şert döredýär. Şeýlelik-de parahatçylyk diňe bir syýasy ýörelge bolman, eýsem ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň hem berk binýady bolup hyzmat edýär.
Maslahat duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP