Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

Şu gün Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda “Kanunlara hormat goýmak we bikanun hereketleriň öňüni almak” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kanunlara hormat goýmak hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň esasy sütünleriniň biridir. Kanunlar jemgyýetdäki gatnaşyklary düzgünleşdirýär, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklaýar hem-de jemgyýetçilik tertibini üpjün edýär. Her bir raýatyň kanunlara hormat goýmagy we olary berjaý etmegi jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin  möhüm şert bolup durýar. Bikanun hereketler jemgyýetde tertipsizlige, ynamsyzlyga we adalatsyzlyga getirýär. Şonuň üçin bikanun hereketleriň öňüni almak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hukuk goraýjy edaralaryň işi bilen birlikde, raýatlaryň hukuk sowatlygynyň ýokarlandyrylmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Kanunlary bilýän we olara hormat goýýan adam bikanun hereketlere ýol bermeýär. Kanunlara hormat goýmak we bikanun hereketleriň öňüni almak jemgyýetiň parahatçylygyny, howpsuzlygyny we adalatlylygyny üpjün edýär. Kanunçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly döwletiň we jemgyýetiň ösüşine mynasyp goşant goşmak mümkin bolýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP