Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ATLY WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň we partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.   

         Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda, her ýyl däbe öwrülen ýyly mynasyp atlandyrmak dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Bedew batly ýurdumyzda halkymyzyň bolelin durmuşda abadan ýaşaýşy, parahatçylygyň höküm sürmegi barada buýsançly gürrüňler edildi.

Maslahata gatnaşyjylar mundan beýläk-de bedew bady bilen özgerýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamak, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP