Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY – PARAHATÇYLYGYŇ, ÖSÜŞLERIŇ ROWAÇLYGYŇ SENASY”

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 14-ne, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, “Akpamyk” pamyk serişdelerini öndürýän kärhanasynda, kärhanada zähmet partiýa agzalarynyň we ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany – parahatçylygyň, ösüşleriň rowaçlygyň senasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   

          Duşuşyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä nusgalyk asuda-parahat ýaşaýşyň höküm sürýändigi, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem uly manynyň bardygy barada täsirli gürrüňler etdiler. 

Duşuşygyň dowamynda maslahata gatnaşyjylar mundan beýläk-de bedew bady bilen özgerýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP