2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça şu ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew Batly At-Myradyň Mekany” diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Ýurdumuzda däbe öwrülen her ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça we her bir ýylda döwletimizde gazanylýan üstünlikler ýetilýän belent sepgitler barada şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumuzyň halkara abyraýynyň mundan beýläkde artmagy ugrunda hem-de halkymmyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamaklygy ugrunda edýän tagallary dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkyna şeýle ajaýyp döwürde ýaşamaklyk ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP