Maslahatda çykyş edenleriň belleýişi ýaly Bagtyýar zamanamyzyň hözirini görýän agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak şanly ýyllaryň ýene birine — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna uly ynam we ruhubelentlik bilen gadam basdy. Ajaýyp arzuwlaryň, asylly işleriň hasyl bolýan ýurdunda 2025-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen senesi hökmünde taryha ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, durnukly ösüşleri gazanmak, milli gymmatlyklarymyzy rowaçlyga beslemek ýaly asylly maksatlar bilen nurana geljege tarap ynamly barýar. Parasatly pederlerimiziň ýörelgelerine eýerip, umumyadamzat bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlary durmuşa geçirmekde dünýä nusga bolýan döwletimiziň syýasy-ykdysady kuwwaty we abraýy barha artýar. Şanly ýylyň ähli halkymyz, şol sanda senagatçylar we telekeçiler üçin hem üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýarys.
Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň, gülläp ösüşleriň, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP