Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň  “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

   Maslahatda çykyş edenleriň belleýişi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gün-günden ýokarlandyrylýar.Ýurdumyz ähli babatda uly ösüşlere beslenýär.Halkymyzyň döwrebap hem-de oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda döwrebap senagat desgalary we durmuş maksatly binalary açylyp ulanylmaga berilýär.

   Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçindir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man      Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let diňe hal­ky bi­len         döw­let­dir!» di­ýen be­lent şy­gar­la­ryn­dan ruh­lan­ýan halky­my­zyň yh­las­ly zäh­me­ti, röw­şen gel­je­ge sarsmaz yna­my, gazanylýan ösüş­ler, ýe­til­ýän sep­git­ler eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki abraý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. 

   Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bize şular ýaly eşretli durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP