Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

  • “TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAGA WE OLARYŇ SAZLAŞYKLY ÖSÜŞINI ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN DÖWLET SYÝASATY DABARALANÝAR”

     ...

“TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

2025-nji ýylyň dekabar aýynyň 25-ne, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginde, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasyna TSTP-niň we TDP-niň işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Çykyş edenler täze kitabyň manyly jümleleriniň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň soňky 30 ýylyň içinde ýeten taryhy özgertmeleri barasynda buýsançly durup geçdiler.      

Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp kitaby bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi. 

Kitap tanyşdyryş dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýüzlenme kabul edip, halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP