2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ne, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň, etrap häkimliginiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda, Saýat etrabynyň merkezinde ýerleşýän “Balsaýat” toý mekanynda ýetip gelýän täze ýyl baýramy mynasybetli “Hoş geldiň, täze ýyl!” atly aýdym-sazly, dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde etrabyň Medeniýet bölüminiň aýdym-saz we tans toparlary özleriniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary we gutlag sözleri, parahat Watanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler.
Garpamykdyr Aýazbaba özleriniň şowhunly çykyşlary bilen abadan durmuşda ýaşaýan şadyýan çagajyklary begendirdiler. Baýramçylyk çäresine gatnaşan agzalar we partiýanyň işgärleri şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP