Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Maliýe ykdysady  orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aýdym sazly, dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri  bolan, ýetip gelýän Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýynyň dabaraly bellenjekdigi hem-de ýurdumyzyň dünýä ýüzünde parahat söýüji we ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigi barada buýsançly gürrüňler edildi. 

Şeýle-de dabaraly maslahatyň dowamynda Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň aýdymçylary özleriniň mahmal owazlary bilen Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza asuda-parahat durmuşda ýaşamak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP