Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly dabaraly maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, rehimdarlylyk, ynsanperwer hem-de işjeň halkara gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň köpsanly döwletleri bilen özara bähbitli, deň hukukly we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýändigini, hem-de Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ähli umumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşüň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Şeýle hem maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmekligi arzuw etdiler.
TSTP