Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK – BELENT YNSANPERWERLIK

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty: parahatçylyk söýüjilik – belent ynsanperwerlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda geçen maslahat duşuşygyna ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Duşuşykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygy dogrusyndaky täsirli gürrüň edilip, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden baýram edilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Buýsanç bilen bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary arkaly üç gezek ykrar edildi. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýan döwlet hökmündäki halkara abraýynyň dabaralanmasy bolup durýar.

Goý, ata Watanymyzy bedew bady bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP