Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkara derejede uly ähmiýete eýe bolýar» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda geçen maslahata hususy pudagyň wekilleri işjeňlikde gatnaşdylar.
Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şanly seneleriň il agzybirliginde, ýurt asudalygynda giňden bellenip geçilýändigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uludan baýram eden bagtyýar ulus-ilimiziň ýene-de sanlyja günlerden halkara Bitaraplyk gününi ýokary derejede dabaralandyrjakdygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler şanly ýylymyzda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilenine 30 ýylyň dolýandygyny uly buýsanç bilen belläp, bu senäniň giňden baýram edilmeginiň ähmiýeti hakdaky gürrüňe ünsi çekdiler.
Işjeňlikde geçen maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göteren, berkarar Watanymyzy dost-doganlygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna sagbolsun sözleri aýdyldy.
TSTP