Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BITARAP TÜRKMENISTAN - ÖSÜŞLERIŇ ÝURDY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Bitarap Türkmenistan-ösüşleriň ýurdy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatymyzyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän Bitarap  döwletimiziň  bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, goňşy we dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Asuda, abadan ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda asudalygy we parahatçylygy dörediji, goraýjy ýurt hökmünde özüni dünýäde äşgär eden Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan Eziz Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamaklykda alyp barýan işleri ýer ýüzünde giňden dabaralanýar. Parahat söýüji dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde özüniň at-abraýyny, syýasy ornuny has-da berkitdi.

Watany söýmegiň, oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň röwşen gelejegine gönükdirilen beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP