Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK – BELENT YNSANPERWERLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän «Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda zähmet çekýän partiýa agzalary bilen «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty: parahatçylyk söýüjilik – belent ynsanperwerlik» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýurdumyzyň esasy baýramlarynyň biri bolan Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we Baky Bitaraplygymyzyň il-ýurt, tutuş adamzat bähbitli ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda ýyladyşhanada edilýän işler bilen ýakyndan tanyşylyp agzalaryň armasy ýetirdi. Ýyladyşhananyň esasy önümi bolan pomidoryň ýurdumyzyň ak bazarlarynda halkymyza amatly bahalar bilen hödür edilýändigi, her-bir türkmen saçagynyň bezegi bolýan ter önümleriň welaýatymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly islegden peýdalanýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. 

Duşuşygyň dowamynda bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine halal zähmeti bilen mynasyp goşandyny goşýandyklary üçin partiýanyň agzalaryna minnetdarlygyny bildirdiler.  Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP