Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BITARAPLYK, DOGANLYK – SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp ady agzalan  uniwersitetiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz»  atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Aýdym-sazly dabara Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly aýdym sazlar ýerine ýetirildi.

Aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu aýdym-sazly dabaraly çärede talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Aýdym-sazly çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar halkymyzy ähli babatda bedew bady bilen öňe alyp barýan, asuda, parahat hem-de bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP