Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen amala aşyrýan dost-doganlyk ýörelgesi dabaralanýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda mähriban Diýarymyz halkara gatnaşyklarda mizemez ýörelge hökmünde saýlap alan özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk däplerini yzygiderli ösdürýär, kämilleşdirýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň özara ynanyşmagyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň mekany hökmünde gazanan abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galmagyna itergi berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň mysalynda şeýle buýsançly hakykat ýene bir ýola aýdyň ýüze çykdy.
Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. Merkezi Aziýanyň bäş döwletini, ýagny Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özüne birleşdirýän «C5+1» formaty 2015-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Onuň işi sebitiň ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Formatyň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar bu döwletleriň arasynda gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler babatda bilelikde çözgütleri işläp taýýarlamaga şertleri üpjün edýär. Şol möhüm çözgütleriň syýasy, ykdysady ugurlar bilen birlikde, ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem öz içine almagy ünsi çekerlikdir.
Umuman aýdanyňda, hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy, iş saparynyň çäklerinde işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ynsanperwer ýörelgelere elmydama berk eýerýändigini ýene bir ýola tassyklady. Dünýäniň abraýly bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyz bolsa ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmakda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Berkarar Diýarymyzyň bu hukuk ýagdaýynyň giň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak arkaly durnukly ulag, energetika, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek babatda amala aşyrýan taryhy tutumlary munuň anyk subutnamalaryna öwrülýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly 30 ýyllygy dürli derejeli çärelere beslenýän hemişelik Bitaraplygymyzy ähli üstünliklerimiziň berk binýadyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolup, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP