Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça «Ekologiýa syýasaty – abadan durmuşyň kepili» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalykdan başlap kemala gelýändigini, ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir we tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny belläp, ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazardan sowatly çemeleşmegi gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýandygyny bellediler. Arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa öz gezeginde, halkyň jan saglygy üçin möhümdir. Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.Daşky gurşawy goramak ählumumy mesele bolup, Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her raýat öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamalydyr, goramalydyr.
Maslahatda çykyş edenler ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize hoşallyk we alkyş sözlerini aýdyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP