Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýaty komitetiniň gurnamagynda telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyga esaslanýan täze başlangyçlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» özboluşly ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içerki we daşarky syýasatynyň bähbitli gatnaşyklarynyň binýady bolýar. Bu başlangyç diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem bütin dünýäniň parahatçylykly ösüşine, agzybirligine we ynanyşmagyna uly goşant goşmak maksady bilen öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň merkezi bolup çykyş edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak, adamzat durmuşynyň iň möhüm esaslarynyň biridir.
Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
TSTP