Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Hasar» hojalyk jemgyýetinde «Bitaraplyk-belent dereje, halkara abraýdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Halkara abraýy günsaýyn belende göterilýän Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň kepilidir. Ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan nusgalyk işlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol türkmen diplomatiýasynyň umumadamzat bähbitlerine, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply işleriniň özboluşly ykrarnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerimiz barha rowaçlanýar. Hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen nusgalyk işleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan belleniljek ýylynda giň gerime eýe bolmagy has-da guwançlydyr. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşyp, Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etmegi bolsa buýsanjymyzy artdyrdy.
Dünýäde parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda uly tagallalary edýän ýurdumyz BMG-niň işjeň hyzmatdaşydyr we täze taryhy şertlerde bu hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, abraýly halkara guramanyň belent münberinden yglan edilýän ajaýyp başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň älem içre sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP