Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň möçberli özgertmeleri uly ösüşlere beslenýär» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy belleniler. Munuň özi parahatlygyň, agzybirligiň, jebisligiň gülleýän mekanynda şatlyk we bagtlylyk ýaly ýagşy duýgularyň ynsan durmuşyny bezeýändigini görkezýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barmak boýunça amala aşyrýan beýik işleri bilen bir hatarda, syýasy-publisistik, ylmy-edebi döredijilik işleriniň üsti bilen hem täze ösen jemgyýetimize mynasyp kämil aň-düşünjeli, belent ahlakly döwürdeşlerimiziň kemala gelmegi babatynda ägirt uly işleri alyp barýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp eserlerinde ata-babalarymyzyň müňýyllyklarda döredip, şu günki we ertirki nesillere miras goýan, türkmeniň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belent derejelere çykaran ynsanperwer ýörelgelerini dünýä jar edýär. Bu eserlerdäki durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ömrüň manysy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, päk zähmet, myhmansöýerlik, dostluk-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler, halkymyzyň pähim-paýhas dürdäneleri, köpasyrlyk durmuş tejribesi şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde kämil şahsyýeti kemala getirmekde aýratyn orny eýeleýär. Sebäbi her bir ynsan özünde ýagşy häsiýetleri kemala getirmek üçin hökman kitaplar dünýäsine aralaşmaly. Has dogrusy, ol özünde ynsanperwerlik duýgusyny kemala getirmäge çalyşmaly.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent tutumlary rowaçlyklara beslensin!
TSTP