Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ MEKANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan parahatçylygyň we bagtyýarlygyň mekany» atly maslahat geçirildi.

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde şunuň ýaly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmegi netijesinde dost-doganlygyň dabaralanýan mekanyna, Ýer ýüzünde parahatçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda nusga alarlyk ýurda öwrülendigi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisiniň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe boldy.

Umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeländigini bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy mejlisde belent münberden sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny beýan etmegi döwletimiziň sebit hyzmatdaşlygyna we ählumumy ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga ygrarlydygyny, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, alyp barýan syýasatynyň dünýä derejede ähmiýetlidigini görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň möhüm ähmiýete eýe bolan teklipleriniň uly gyzyklanma döredip, giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan üstünlikleriniň ýene biri boldy.

Goý, Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

TSTP