Düýn, Türkmenistanyň Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Halk maslahaty-milli demokratiýanyň kämil nusgasy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda geçen Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeler barada aýdyp geçdiler, mundan başgada Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly zähmet ýeňişleri bilen garşylanylýan, toý-dabaralar bilen ýokary derejede bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy hem taryhy wakalara beslenýändigi, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň mundan beýläk-de ýokary depginde ösmegine, halkymyzyň bagtyýarlygyna, asudalygyna we abadançylygyna gönükdirilen wajyp meseleleriň halk bilen geňeşilmegi ählihalk forumynyň, sözüň doly manysynda, raýat jemgyýetiniň milli instituty we döwlet bilen halkyň jebisligini alamatlandyrýan syýasy-jemgyýetçilik edara hökmünde öz ornuny tapýandygyny äşgär edýändigini çärede çykyş edenler belläp geçdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP