Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BITARAPLYK - ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk - abadançylygyň ýoly» atly maslahat duşuşygy geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berip, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary esasynda 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan makullanyp, ikinji gezek ykrar edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy netijesinde, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda öňdebaryjy orunlara çykýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler. 

TSTP