Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda  partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň milli demokratiýasy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, kabul edilen çözgütler barada täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçen umumymilli forumyň ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde we jebisligini pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly bolandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP