Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, ösüşli ýyllarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar we her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda halkymyzyň agzybirligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy we milli bähbitleri ösdürmegi üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Halk Maslahaty Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu çäre döwletimiziň ösüş ýoluny kesgitleýär, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrýar. Bu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen döwürde, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýän Halk Maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. 19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň Maslahat köşgünde geçiriljek bu maslahat ýurdumyzyň taryhy ýolunda möhüm waka hökmünde ýatda galar.

Türkmen halkynyň durmuşynda maslahat gurmak, pikir alyşmak we möhüm çözgütleri bilelikde kesgitlemek gadymdan gelýän ýörelgedir. Häzirki döwürde bu ýörelge döwrebap görnüşde dowam etdirilip, Halk Maslahaty döwletimiziň demokratik ösüşiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymy zyň 34 ýyllyk şanly senesiniň bosagasynda geçiriljek Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyzyň bähbidine gönükdirilen möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP