Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETLI IŞLERE BAŞLANGYÇ, BADALGA

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda, welaýatyň Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletli işlere başlangyç, badalga» atly düşündiriş, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

          Geçirilen bu çärede, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde uly buýsanç we dabaralar bilen geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň il-ýurt bähbitli many mazmuny barada buýsançly gürrüňler edildi. Maslahatda kabul edilen kararlardyr, çözgütler halkyň ähli ulgamlarynyň ýüreklerinde uly buýsançlar bilen orun tapandygy barada giňişleýin durlup geçildi. 

           Çäräniň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda bolelin ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýän, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP