Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Gök böri» hususy kärhanasynda «Türkmenistan – Azerbaýjan: hoşniýetli goňşuçylyk – netijeli hyzmatdaşlyk» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Munuň şeýledigine syýasy wakalar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan iki taraplaýyn we köp taraplaýyn gepleşikler doly şaýatlyk edýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda ýylyň-ýylyna halkara gatnaşyklaryndaky ykjam hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär, iş, döwlet saparlary guralýar. Hormatly Prezidentimiz dost-doganlyk ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, iki taraplaýyn gepleşikleri geçirip, geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda ençeme tagallalary edýär. Ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň barha pugtalandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
TSTP