Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda «Awaza forumy – ählumumy abadançylygyň we ösüşleriň beýany» atly maslahat geçirildi.

Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyndan gelip çykýan wezipelerini, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwda-ykdsady gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegi ugrunda Awazada geçirilen maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat etdi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirilen parlament forumy, Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, Ýaşlar forumy, Raýat jemgyýeti forumy, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy we maslahatyň çäginde guralan dost-doganlyk çäreleri hem-de bu ýerde gurnalan täsirli sergiler barada täsirli gürrüňler edildi. 

Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň, durmuşa geçirilýän oýlanşykly meýilnamalaryň we öňdengörüjilikli başlangyçlaryň sakasynda duran türkman halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP