Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

Halallyk –ýörelgeleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda telekeçilik işini alyp barýan ýuridiki şahslaryň arasynda korrupsiýa alamatlarynyň ýüze çykarmagynyň öňüni almak maksady bilen, “Halallyk –ýörelgeleri” atly maslahat geçirildi. 

Maslahata Telekeçiler birleşmesiniň we partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Maslahatda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, has takygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwletimiziň her bir raýatynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamaklygy, sagdyn jemgyýetde kemala gelmegi ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny, raýatlarymyzyň ylaýta-da ýaş neslimiziň, telekeçileriň zyýanly endiklerden daşda durup, päk ýürekli, watansöýüji, halal zähmete kalby siňen hökmünde ýetişdirmeklik döwletimiziň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyny, häzirki wagtda korrupsiýa we parahorluga garşy wagyz-nesihat çäreleri, öňüni alyş düşündiriş işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny barada gürrüň berdiler.

TSTP