Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

HALK MASLAHATY – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMAGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň dabaralanmagy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

       Geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň il-ýurt möçberindäki ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegi, bu ugurda ýaş işewürlere berilýän goldaw hemaýatlar barada giňişleýin durlup geçildi.

         Çäräniň ahyrynda bu zatlaryň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP