Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • «KÖŇÜLLERDE TÄZE ÝYLYŇ JOŞGUNY»

    Ösüşiň täze...

  • “TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYGY – DÖWRÜŇ BAGTYÝARLYGY” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

    2025-n...

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2025-n...

  • “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY”

    2025-nji...

  • «ŞATLYK GETIR TÄZE ÝYL, BU BAGTYÝAR ILIME»

    2025-nji...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-DEMOKRATIÝANYŇ MILLI NUSGASY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty - demokratiýanyň milli nusgasy» atly wagyz nesihat-duşuşygy geçirildi.

Asuda, parahat ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» Arkadagly Serdar Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly belent şygarlary halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň esasy binýadydyr. Demokratik ýörelgeler arkaly il-günüň ykbalyna täsirini ýetirýän halk häkimiýetini amala aşyrmakda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk çärelerine mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm wezipelerine degişlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata-babalarymyzyň adalaty ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, halk bähbitli çözgütleri belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlar diňlenip, taryhy çözgütler amala aşyrylar. 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pentleri öwüt-ündewleri, milli ýörelgeleri ähli ynsanlar üçin durmuş mekdebidir. Halkymyzyň bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwletli tutumlary nazarlaýan beýik maksatnamalary has-da rowaçlansyn.

TSTP