Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

TÜRKMENISTAN – ÝURTLARYŇ ARASYNDA DOSTLUK WE YNANYŞMAK KÖPRÜSI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – ýurtlaryň arasynda dostluk we ynanyşmak köprüsi» atly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýaňy ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin aýdyp geçdiler. 

Maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, hususy ulgamyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza sagbosunlaryny aýtdylar.

TSTP