Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TELEKEÇILIK IŞINI ÜSTÜNLIKLI AÇMAK WE ÖSDÜRMEK

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki «Derýaçylyk» orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary telekeçilige çekmek, olarda telekeçilik işine başlamaklyga goldaw bermek, höweslendirmek we degişli maslahatlary bermek bilen bagly «Telekeçilik işini üstünlikli açmak we ösdürmek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

     Geçirilen çärede Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň halkymyzyň, telekeçi ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegi, bu ugurda ýaş telekeçilere berilýän goldaw hemaýatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Asuda asmanly diýarymyzda abadan  durmuşda ýaşaýan we zähmet çekýän halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagynyň, telekeçilik işini üstünlikli ýola goýmagynyň uly bagtdygy barada buýsançly gürrüňler edildi.

       Çäräniň ahyrynda bu zatlaryň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP