Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler
jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Bu baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň ösüşli ýolunda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzy ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak
üçin has oňaýly şertler döredilen her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde
amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Şahy il-ulsuny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Halkyňa, ýurduňa bolan söýgi oňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydyr. Islendik meseläniň çözgüdi bolsa durmuş nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Il-günüň bähbidini öňe sürmek hakyky adamkärçiligiň beýik nusgasydyr. Bu bolsa oňa bolan yhlasyň, söýgiň bilen baglydyr. Halkyň ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açýan täsirli jümleler milletiň eserine öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýar. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir.
Söz ummanynda dürler saçyp, dürlerden akyl-paýhas ummanyny döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň ruhy daýanjy bolup hyzmat edýär. Özüniň parasatly setirleri bilen halkynyň azat, erkin, eşretli durmuşda ýaşamagyny öwüt-ündew eden beýik akyldaryň ismi hemişe ýürekleriň töründe baky orun alandyr. Magtymguly atamyzyň adamzat kowmuna miras goýan edebi älemi asyrlaryň dowamynda dünýä medeni mirasyny öwrenijileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, filosoflaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.
Aýdym-sazly baýramçylykly çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňişleýin öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar!
Goý, halkymyzy beýik akyldarlarymyzyň arzuw eden zamanynda agzybirlikde, asudalykda, jebislikde, bolelin durmuşda erkana ýaşadýan Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsyn, ömürleri
uzak bolsyn, tutumly işleri rowaç alsyn!
TSTP