Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk – umumadamzat gymmatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Goşa bagtymyz ― mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz başymyzyň täjidir. Bu goşa bagtyň saýasynda döwletli Diýarymyza diňe belent ösüşler ýar bolsun!
Ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerini döwlet syýasatynyň naýbaşy orunda goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP