Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan kemala gelen ajaýyp Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli «Arkadag şäheri – gözelligiň we ösüşiň şäheri» atly dabaraly maslahat geçirildi. 

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler 2 ýylyň dowamynda Arkadag şäheriniň Halkara derejesinde birnäçe güwänamalara we baýraklara eýe bolmagy, ekologiýa taýdan arassalygy, zähmet çekmek we ýaşamak üçin döredilen giň mümkinçilikler dogrusynda hem-de sanlyja senäniň dowamynda ýetilen beýik sepgitler barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda watanymyzy hem-de ajaýyp Arkadag şäherini wasp edýän aýdymdyr-sazlar belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

TSTP