Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Aşgabat şäher häkimliginiň janly tebigatyň milli muzeýinde zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de hünärmenleriň arasynda ýaş telekeçileri kemala getirmek, telekeçilik işine bolan höwesi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy telekeçi Dagdan Sözenowyň mugallymlyk etmekliginde okuw sapaklary geçirildi. Häzirki wagtda ähli pudaklar bilen bilelikde hususy pudagyň hem ösmegine giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirilýär. «Açyk gapylar» syýasatynyñ üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmäge uly ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işiniň hukuk esaslaryny dünýä ülñelerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir zähmetsöýer wekilleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle okuw sapaklaryny çäreleri gurnamak bilen ýurdumyzda telekeçilik işine höwesli bolan ýaşlarymyzy ýüze çykarmak ugrunda we ýaşlarymyzy telekeçilige çekmek ugrunda başga-da birnäçe üstünlikli işleri alyp barýarlar. Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! 

TSTP