Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegini döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olara daşary ýurt döwletlerinden köp sanly myhmanlar gatnaşýar.
Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Ylma daýanýan ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
TSTP