Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGYNDA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Daşky gurşawyň goragynda» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen BMG-niň daşky gurşaw boýunça maslahatynda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramçylyk 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde giňden bellenilip gelinýär. Bu ajaýyp sene, her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär.

Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP