Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Lebap söwda we dynç alyş merkezinde Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli çagalar bölüminde terbiýelenýän körpe nesliň gatnaşmaklarynda baýramçylyk çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede asuda asmanly diýarymyzda abadan durmuşda ýaşaýan şadyýan çagalar Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan gurnalan Türkmen halk ertekileriniň esasynda düzülen gurjak sahnalaryna tomaşa etdiler. Şeýle-de Lebap söwda we dynç alyş merkeziniň çagalar üçin oýun meýdançasynda wagtlaryny hoş geçirdiler.
Dabaranyň dowamynda ýaş nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçilikler, özleri hakda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP