Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalaryna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy ähmiýetli wakalaryň bolup geçýändigi, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändigi, her bir günümiziň şatlykly wakalara beslenýändigi, toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň dabaralarynyň «Soňky jaň» mynasybetli dabaralara, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramynyň toý şatlygyna ulaşyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny dünýä äşgär edendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Maslahata gatnaşanlar Watanymyzy ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TSTP