Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Şu gün...

  • AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistanyň...

  • HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

    Golaýda...

  • AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

    Şu gün...

  • BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Şu gün...

SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK ESASY DURMUŞ GYMMATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebinde, mekdebiň uly synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sporty hem-de sagdynlygy ündemek, bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny bilelikde amala aşyrmak, maksady bilen «Sagdynlyk we ruhubelentlik esasy durmuş gymmatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň we Lebap welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň wekilleri çykyş edip sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ynsan ömrüne berýän peýdasy barada giňişleýin beýan etdiler. Ýygnagyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleri barada durulyp geçildi. 

Çärä gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz üçin edýän taýsyz tagallalaryna köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP