Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Aýdym-sazly çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ak mermerli paýtagtymyzyň Aziýanyň merjen şäheri, gözel Aşgabat şäherimiziň gysga wagtyň içinde gazanan üstünlikleri şeýlede şäherimiziň durkunyň hasda gözelleşendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. 2013-nji ýylyň maý aýynda paýtagtymyz Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýa rekordlar kitabyna girizilmegi hem paýtagtymyzyň dünýädäki iň gözel şäherleriniň biridigini buýsanç bilen bellemek bolar.
Şeýlede maslahatda çykyş edenler Türkmen halysynyň baýramy barada öz çykyşlarynda bellediler. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem rowaçlanypdyr. «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halysynyň şan-şöhratynyň artmagyna uly üns berýärler.
Çärä gatnaşyjylar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP