Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

DAŞARY SYÝASAT STRATEGIÝASY ULY ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasy uly üstünliklere beslenýär» atly maslahat geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Şanly senelere beslenip taryha zer harplar bilen ýazylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21 — 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan, Gyrgyzystan, şeýle-de Özbegistan Respublikalaryna amala aşyran dostlukly sapary ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm waka boldy.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk umumy taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bolan bu döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. 

Soňky ýyllarda Türkmenistan dost-doganlyk gatnaşyklary uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Halkara we sebit syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy dürli derejede döwletara dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. 

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünliklere beslensin!

TSTP